Abakan

From Wikipedia

Abakan (1931-nji ýyla çenli Ust-Abakanskoýe) - şäher, RSFSR-iň Krasnoýarsk ülkesindäki Hakas Awtonom Oblastynyň merkezi. Ol Abakan derýasynyň kenarynda, onuň Ýeniseýe goşulýan ýerinde ýerleşip, demir ýol we awto ýyol çatrygydyr. İlaty 90 müň adam (1970). Mehaniki zawod, et kombinaty, mebel, dokma, aýakgap we konditer fabrikleri bar. Taryh, dil we edebiýat instituty, pedinstitut, politehnikum we oba hojalyk tehnikumy hem-de medisina we sazçylyk uçilişeleri, drama teatry, ülkäni öwreniş muzeýi, telewizýon merkez bar.